HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy

Dekabr 06, 2024 | 14:05 |6933
Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy.Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy.

Sözlügiň awtory Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dil taýýarlyk bölüminiň mugallymy Bakygeldi Nuryýew bolup, ol “Ylym” neşirýaty tarapyndan çap edildi.

Sözlügiň maksady talyplar, hukukçylar hem-de döwlet dolandyryş edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryşyň ýerine ýetiriji edaralarynyň işgärleri, kärhana işgärleri tarapyndan umumy ykrar edilen halkara adalgalarynyň birmeňzeş we dogry ulanylyşyny üpjün etmekden ybarat.

Bu sözlük ýurdumyzda we daşary ýurtlarda neşir edilen ylmy we okuw kitaplaryndaky adalgalary öwrenmek üçin baý söz toplumyny öz içine alýar. Üç dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde düzülen bu sözlük hukuk, şeýle hem beýleki pudagyň hünärmenleri hem-de talyplar üçin peýdaly bolar. Sözlükde ulanylan her bir adalganyň bir jedelsiz manysy we anyk kesgitlemesi bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026