HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Dekabr 06, 2024 | 00:30 |6364
5-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, onuň dowamynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy5-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, onuň dowamynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: tdh.gov.tm

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, onuň dowamynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazy iberýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk goňşy döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Şawkat Mirziýoýew suw hojalygy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, sebitde suw meselelerine, birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, suw serişdelerine erkin we adalatly elýeterliligiň halkara ýörelgelerine görä, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir, üçünjiden, bu meselä halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny giňden çekmek arkaly seredilmegi bellenildi.

Özbegistanyň Prezidenti şeýle çemeleşmäni berk goldady we suw meselelerinde Türkmenistanyň hem Özbegistanyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini tassyklady we bu babatda Özbegistanyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026