HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi bilim we ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Dekabr 05, 2024 | 11:15 |4731
4-nji dekabrynda, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 23-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.4-nji dekabrynda, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 23-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
Çeşme: education.gov.tm

4-nji dekabrynda, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 23-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Çäreler Ýewropa Komissiýasynyň binasynda geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiñ resmi saỳty habar berỳar.

Ýewropa tarapy bilim we ylmy gözlegler boýunça esasy başlangyçlaryny hödürlemek bilen bir hatarda, innowasiýalary goldamaga gönükdirilen Horizon Europe programmasy we alymlaryň hem-de talyplaryň halkara hereketliligini ösdürmäge gönükdirilen Marie Sklodowska-Curie Actions programmasy görkezildi. Şeýle hem Ýewropa Ylmy Barlaglar Geňeşiniň grant ulgamy boýunça Eleni Zika tarapyndan hödürlenen maglumatlar aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet meseleleri boýunça Baş direktoratynyň bölüminiň ýolbaşçysy Filip Wan Depoel bilen aýratyn bir duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Erasmus+ programmasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselesine üns berildi, şol sanda Türkmenistanda Erasmus milli edarasynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem akademiki alyş-çalyşlar, Ýewropa Bileleşiginiň bilim programmalarynda türkmen talyplaryny goldamak we bilelikdäki ylmy taslamalary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azat Ataýew Ýewropa hyzmatdaşlarynyň hödürlän programmalarynyň türkmen talyplary we alymlary üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny hem-de olaryň Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky strategik ileri tutmalaryna laýyk gelýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026