HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylar Ýaponiýada bilim almak boýunça onlaýn-ýarmarkasyna gatnaşyp bilerler

Dekabr 04, 2024 | 10:00 |7584
2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Ýaponiýada bilim meseleleri boýunça “Study in Japan Fair 2024” onlaýn-ýarmarkasy geçiriler. Ony Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi, Ýaponiýanyň Talyplary goldamak guramasy (JASSO) beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraýar.2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Ýaponiýada bilim meseleleri boýunça “Study in Japan Fair 2024” onlaýn-ýarmarkasy geçiriler. Ony Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi, Ýaponiýanyň Talyplary goldamak guramasy (JASSO) beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraýar.
Çeşme: raninternational.edu.np

2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Ýaponiýada bilim meseleleri boýunça “Study in Japan Fair 2024” onlaýn-ýarmarkasy geçiriler. Ony Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi, Ýaponiýanyň Talyplary goldamak guramasy (JASSO) beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraýar.

Onlaýn-ýarmarkasyna Ýaponiýada okamagy meýilleşdirýän mekdep okuwçylary we talyplar, ýokary okuw mekdebini saýlamak boýunça maslahatçylar, halkara mugallymlar we Ýaponiýada bilim almak bilen gyzyklanýanlaryň ählisi gatnaşyp biler.

Gatnaşyjylar Ýaponiýanyň bilim edaralary barada maglumatlar bilen tanyşarlar. Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar akademik maksatnamalar we bilim almagyň aýartynlyklary barada gürrüň bererler. Şeýle-de olar ähli gyzyklanýan soraglara jogap bererler.

Ýaponiýanyň Talyplary goldamak guramasy Ýaponiýada okuwyň binýatlaýyn ugurlary barada, ýurtda ýaşamak we syngalara taýýarlyk barada seminarlary geçirer.

Geçirilýän seneler we wagty:

2024-nji ýylyň 7-nji dekabry (şenbe güni): 12:00-dan 18:30 çenli (ýapon wagty boýunça).

2024-nji ýylyň 8-nji dekabry (ýekşenbe güni): 12:00-dan 17:50 çenli (ýapon wagty boýunça).

Giňişleýin maglumatlar şu salgyda.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026