HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 03, 2024 | 17:00 |8206
2-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi2-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çeşme: orient.tm

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

“Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdyrlar” – diýip, Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Diplomatik gullugyň habaryna görä söhbetdeşlik Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyndan habaryndan görnüşi ýaly taraplaryň ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşandyklary we sebitleýin formatda hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary aýdylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026