HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar

Dekabr 03, 2024 | 14:36 |6708
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky italýan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky italýan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: educaton.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky italýan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Italýan tarapyndan maslahatlaşmalara gatnaşanlar:

Prof. Filippo Kosta Buranelli, Sent-Endrýus uniwersiteti, ýokary bilim boýunça hünärmen.

Prof. Karlo Frappi, Ka’Foskari uniwersiteti, ýokary bilim boýunça bilermen.

Prof. Silwana Stefani, Milan Bikokk uniwersiteti, energetika geçişi boýunça hünärmen.

Dr. Enriko Wesketti, Italiýanyň Saglygy goraýyş milli instituty (ISS), saglygy goraýyş boýunça bilermen.

Prof. Andrea Zinzani, Bolonýa uniwersiteti, suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilermen.

Taraplar bilim torlaryny döretmek işine ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Italýan tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýratyn nygtap geçdi.

Maslahatlaşmada aşakdaky ugurlara aýratyn üns berildi:

Energetika – durnukly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we energiýa netijeliligi üçin tejribe çözgütleri alyşmak.

Suw serişdeleri – netijeli dolandyryş we olary ulanmagyň innowasion usullarynyň ösdürilmegi.

Saglygy goraýyş – ýokary hünär ösüşi, tejribe alyşmak we bilelikdäki ylmy barlaglar.

Bilim we barlaglar – akademiki alyşlar, bilelikdäki okuw maksatnamalaryň we barlag taslamalaryň durmuşa geçirilmegi.

Duşuşygyň netijeleri taraplaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026