HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş topary döredildi

Dekabr 03, 2024 | 13:45 |10558
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi.Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi.

Hukuk maglumatlar resmi portalynda neşir edilen degişli resminama laýyklykda, toparyň düzümi hem tassyklandy.

Şeýlelikde, iş toparynyň düzümine bäş adam girdi: topara ýolbaşçylyk etjek wise-premýer Witaliý Sawelýew, RF-iň ulag ministri Roman Starowoýt, RF-iň Prezidentiniň geňeşçisi Igor Lewitin, “Russiýa Demir ýollarynyň” baş direktory Oleg Belozýorow hem-de Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew dagylar girdi. Dmitriý Zwerew iş toparyň jogapkär sekretary hökmünde bellendi.

Öz Permany bilen Wladimir Putin Witaliý Sawelýewi “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada RF-iň Prezidentiniň ýörite wekili hökmünde belledi.

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Sankt-Peterburgdan Mumbai çenli uzynlygy 7,2 müň km barabar bolan multimodal ugry bolup durýar hem-de demirýol, deňiz we derýa ulagynyň işledilmegini göz öňünde tutýar.

2030-njy ýyla çenli halkara ulag geçelgesi boýunça ýük akymlarynyň 40 mln tonnadan gowrak bolmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026