HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sýuançžou VMF-2024-de dünýä media ägirtlerini garşylaýar

Dekabr 03, 2024 | 09:58 |8518
Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň gündogar kenarýakasynda ýerleşýän Sýuançžou şäherinde 12-nji Ählumumy wideo media-forumy açyldy (VMF-2024).Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň gündogar kenarýakasynda ýerleşýän Sýuançžou şäherinde 12-nji Ählumumy wideo media-forumy açyldy (VMF-2024).
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň gündogar kenarýakasynda ýerleşýän Sýuançžou şäherinde 12-nji Ählumumy wideo media-forumy açyldy (VMF-2024).

Bu Forum Fuszýan welaýatynyň we Sýuançžou şäheriniň müdirýeti bilen bilelikde Hytaýyň China Media Gorup media korporasiýasy hem-de Hytaýyň CGTN halkara täzelikler teleýaýlymy tarapyndan guraldy. Çäre dünýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini ýygnady. Olaryň arasynda – Reuters, Associated Press habarlar agentlikleri, Guramanyň Baş sekretary Ahmed Nadimiň ýolbaşçylygyndaky Aziýa-Ýuwaş umman ýaýlyma beriş bileleşiginiň wekiliýeti, Afrikanyň ýaýlyma beriş bileleşigi, Arap döwletleriň ýaýlyma beriş bileleşigi, Merkezi Aziýanyň, Latyn Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri.

Düzüminde “Media Turkmen” habarlar agentliginiň (ORIENT.TM saýty) wekili bolan türkmen wekiliýeti hem media senagatynyň möhüm çäresine gatnaşýar.

Forumy Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz ediş bölüminiň müdiri Li Şuleý açdy.

Forumyň çäklerinde bölümçe maslahatlaşmalary geçirilip, olaryň esasy mowzuklarynyň biri emeli aňyň media täsir edişi barada bolar. Bu mowzuk Enex Group ýaly tehnologiýa kompaniýasy, Octopus Newsroom, CMG Digital, Europe Exchange we beýleki programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlaýjylary tarapyndan şöhlelendiriler.

Forumyň çäklerinde media aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk boýunça “Ählumumy Günorta” başlangyjy öňe sürüler, hyzmatdaşlyk barada birnäçe ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçiriler.

“Media Turkmen” habarlar agentligi Hytaýyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar. 2019-njy ýylda China Daily we CCTV+ media senagatynyň ägirtleri bilen hyzmatdaşlyk, maglumat alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.

Hytaýyň wekilleri, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky kommunikasiýa ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin “Media Turkmen” habarlar agentligine ýokary baha berdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026