HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi okuw prosesine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda Fransiýanyň tejribesi bilen tanyşýar

Dekabr 02, 2024 | 09:15 |7132
2024-nji ýylyň 20-27-nji noýabry aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda boldy.2024-nji ýylyň 20-27-nji noýabry aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda boldy.
Çeşme: education.gov.tm

2024-nji ýylyň 20-27-nji noýabry aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda boldy.

Amala aşyrylan sapar öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary, emeli aň tehnologiýalary, maglumat goraglylygy bilen tanyşmaga, şeýle hem olary okuw-usulyýet, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrmak tejribesini öwrenmäge gönükdirilendir.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekiliýeti Parižiň Sarbonna Uniwersitetine, Pariž Döwlet uniwersitetine hem-de fransuz paýtagdyndaky Amerikan işewür-mekdebine baryp görüp, ol ýerde okuw prosesini gurnamak, okuw prosesine emeli aň tehnologiýalary ornaşdyrmak, inženerçilikde we fizikada 3D modelirleme işi bilen tanyşdy. Şeýle-de, wekiliýetiň agzalaryna robototehnika boýunça ýörite okuw maksatnamalary görkezildi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň amala aşyran saparynyň bu ýokary okuw mekdebiniň dünýä standartlaryna laýyklykda täze toplumynyň gurulmagy babatynda has hem möhüm bolandygyny bellemelidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026