HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlaryň taslamalaryny kabul etdiler

Dekabr 01, 2024 | 23:30 |8177
30-njy noýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň maslahatynda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi30-njy noýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň maslahatynda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi
Çeşme: mejlis.gov.tm

30-njy noýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň maslahatynda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Şeýle hem parlamentarlar Türkmenistan bilen Gazagystanyň Hökümetleriniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy we Türkmenistan bilen Mongoliýanyň Hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakyndaky Ylalaşygy tassykladylar. Mundan başga-da, Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda kararlar kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda”, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, “Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda”, “Türkmenistanyň Halkara şertnamalary hakynda” ýaly käbir Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlary kabul edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026