HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahatlaşarlar

Noýabr 30, 2024 | 11:05 |8616
Bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler.Bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler.
Çeşme: e-cis.info

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesi — ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026