HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ýol howpsuzlygy barada ýatladýan LED-monitorlar gurnaldy

Noýabr 29, 2024 | 23:50 |6483
Ýol hereketiniñ berjaý edilmeginiñ ähmiýeti barada ýatladýan bilbordlar we LED-monitorlar ýoluñ ähli ýokarky böleklerinde ýerleşdirilen. Şeýlelik bilen, sürüjileri ýollarda ünsli bolmagyna çagyrýarlar.Ýol hereketiniñ berjaý edilmeginiñ ähmiýeti barada ýatladýan bilbordlar we LED-monitorlar ýoluñ ähli ýokarky böleklerinde ýerleşdirilen. Şeýlelik bilen, sürüjileri ýollarda ünsli bolmagyna çagyrýarlar.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda şäher häkimligi we Türkmenistanyñ Içeri Işler ministrligi tarapyndan ýol hereketiniñ düzgünlerini berjaý etmek baradaky çagyryşly täze LED-monitorlary gurnaldy diýip, ORIENT habarçysy habar berýär.

Ýol hereketiniñ berjaý edilmeginiñ ähmiýeti barada ýatladýan bilbordlar we LED-monitorlar ýoluñ ähli ýokarky böleklerinde ýerleşdirilen. Şeýlelik bilen, sürüjileri ýollarda ünsli bolmagyna çagyrýarlar.

1

Bu başlangyjyñ çäklerinde döredijilikli şygarlar ulanyldy: "Tizligiñi peselt, jan-saglygyñy gora!", "Çagalaryñ hereketine ünsli bol!", "Telefona däl, ýoluña üns ber!", "Ýol hereketiniñ howpsuzlygy - ömrümiziñ rahatlygy!", "Pyýadalara ýol beriñ!", "Howpsuzlyk kemerini dakynmagy unutma!", "Ýol belgilerine ünsli boluñ!"

2

Bu geçirilýän çäre Türkmenistanyñ ýol hereketiniñ howpsuzlygyna uly derejede üns berýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. 2024-nji ýylda onlarça halkara forumlaryñ geçirilmegi hem muña şaýatlyk edýär. Olaryñ birisi ýakynda geçirilen - "Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşygy we ösüşi - 2024" (ITTC-2024) atly halkara maslahaty. Bu Forum Bütindünýä durnukly ulag gününiñ goldanylmagynda möhüm başlangyç boldy.

3

Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredowyñ BMG-niñ Baş Sekretarynyñ ýol hereketiniñ howpsuzlygy boýunça ýörite ilçisi Žan Todt bilen 27-nji noýabrda geçirilen duşuşygynda ITTC-2024 maslahatynyñ BMG-niñ "Hemmeler üçin howpsuz ýollar" atly ählumumy kampaniýasyny goldaýandygy barada bellenildi. Bu başlangyç 2025-nji ýylyñ fewralynda Marrakeşde geçirilmegi meýilleşdirilýän ýol hereketiniñ howpsuzlygy boýunça 4-nji Ählumumy ministrlik maslahatynyñ äheñini berýär.

Şeýle-de okañ:

Türkmenistanyň sürüjilerine pyýada geçelgeleriň öňünde saklanmagyň zerurdygy ýatladyldy

Rugsat berilen tizlikde sürmek - howpsuz, tygşytly hem-de ... ekologiýa taýdan arassadyr

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026