HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kasym-Žomart Tokaýew Wladimir Putiniň saparyny taryhy waka diýip atlandyrdy

Noýabr 28, 2024 | 14:40 |7714
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet saparyny gazak-rus gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm pursadyny alamatlandyrýan taryhy waka diýip atlandyrdy. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara maglumatlar agentligi habar berýär.Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet saparyny gazak-rus gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm pursadyny alamatlandyrýan taryhy waka diýip atlandyrdy. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara maglumatlar agentligi habar berýär.
Çeşme: inform.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet saparyny gazak-rus gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm pursadyny alamatlandyrýan taryhy waka diýip atlandyrdy. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara maglumatlar agentligi habar berýär.

“Gazagystan üçin Russiýa – strategiki hyzmatdaş we ygtybarly ýaran. Bizi berk dostlukly gatnaşyklar, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk we umumy taryhymyz birleşdirýär. Bu mizemez gymmatlyklara esaslanyp, biziň döwletlerimiz geljege gönükdirilen netijeli özara gatnaşyklary ýola goýdylar. Gazagystan-rus hyzmatdaşlygy görlüp-eşidilmedik ösüşe ýetirilip, özara gatnaşygyň ähli möhüm ugurlaryny öz içine aldy. Syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Şu gün gysgaldylan we giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler işjeňlik, dogruçyllyk bilen tapawutlanyp, hakykatdan hem, netijeli boldy” – diýip, Tokaýew belledi.

Şeýle-de, ol Wladimir Putin bilen geçirilen oýlanyşykly gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň köpsanly möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylandygy hem-de Gazagystanyň we Russiýanyň strategiki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryň bellenilendigi barada habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýet meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Strategiki pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we bilelikdäki söwda dolanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi esasy wezipeler hökmünde bellenildi. Hökümetara resminamalar, şol sanda 2021-2025-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk barada toplumlaýyn Maksatnama we 2024-2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Kasym-Žomart Tokaýew we Wladimir Putin täze ählumumy tertibiň şertlerinde strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki beýannamasyny kabul etdiler.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Kasym-Žomart Tokaýewi Sankt-Peterburgda geçiriljek Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl duşuşyga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026