HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenpoçta” döwrebaplaşdyrylan EMS hyzmatlaryny hödürleýär

Noýabr 28, 2024 | 14:50 |9649
EMS mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy “Türkmenpoçta”-nyň hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we müşderileriň ähli derejeleri üçin hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak islegini tassyklaýar.EMS mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy “Türkmenpoçta”-nyň hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we müşderileriň ähli derejeleri üçin hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak islegini tassyklaýar.
Çeşme: orient.tm

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy tamamlanan “ITTC-2024” atly halkara maslahtynda we sergisinde EMS (Express Mail Service) hyzmatynyň täzelenen mümkinçiliklerini hödürledi. Täze hyzmatlar poçta önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga we müşderileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

pocta 2 .jfif

“Express Mail” arkaly iberilen bukjalar 1-den 3 günüň içinde Türkmenistanyň islendik ýerine eltiler. Halkara iberişler üçin eltilýän wagt barmaly ýerine baglylykda bir hepdeden bir aýa çenli wagty alar. EMS hyzmat nyrhlary ugradylýan zadyň agramyna baglylykda üýtgeýär. Bahalar barada has giňişleýin maglumaty post.tm kompaniýasynyň resmi web sahypasynda ýa-da 075 jaň edip alyp bilersiňiz.

EMS hyzmatlarynyň esasy artykmaçlygy, ýokary eltiş tizligi we müşderiler üçin amatlylykdyr.

pocta 3 .jfif

“Türkmenpoçta” eýeçiligindäki “Çapar Pay” ykjam programmasy ulanyjylara gyssagly iberilmegi zerurlygy ýüze çykanda işewür müşderiler we şahsyýetler üçin möhüm bolan ýükleri we resminamalary ibermek üçin kurýer çagyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik bilen, täze EMS mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy “Türkmenpoçta”-nyň hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we müşderileriň ähli derejeleri üçin hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak islegini tassyklaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026