HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara ylmy-amaly maslahat başlady

Noýabr 28, 2024 | 10:20 |6855
27-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy şeýle hem umumy mejlisi geçirildi.27-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy şeýle hem umumy mejlisi geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

27-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy şeýle hem umumy mejlisi geçirildi.

Halkara maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Ermenistandan we Türkmenistandan professor-mugallymlar hem-de alymlar gatnaşdylar.

Umumy mejlisde çykyş eden professor-mugallymlar Bitarap Türkmenistanda Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasynda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini, sebitde we dünýäde stragetik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, şol sanda häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletara gatnaşyklarynda, halklary bitewileşdirmekde oňyn çözgüde eýe bolýandygyny belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly alymlar himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi bilen baglanyşykly ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň işi “Himiýa okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary”, “Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi” hem-de “Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny” atly bölümleriň üçüsinde alnyp barlar.

Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny we ýaşlar syýasatyny ösdürmek bilen, halkara tejribesini öwrenmek bilen ylmy garaýyşlary alyşmaga, häzirki zaman şerlerine laýyklykda bilimiň we ylmyň hil hem-de mazmun derejesini halkara derejesinde dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowana ýollarda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Dabara bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitap hem-de himiki tehnologiýalaryň ösüşi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Şonuň ýaly-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edip ýerine ýetirilen aýdymlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026