HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Iordaniýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklarda täze ädimler

Noýabr 27, 2024 | 22:15 |8909
Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmegi, Türkmenistan bilen Iordaniýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda işewürlik işjeňligini höweslendirmek üçin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy 27-nji noýabrda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen türkmen-iordan geňeşleriniň esasy mowzuklarynyň biri boldyYkdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmegi, Türkmenistan bilen Iordaniýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda işewürlik işjeňligini höweslendirmek üçin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy 27-nji noýabrda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen türkmen-iordan geňeşleriniň esasy mowzuklarynyň biri boldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmegi, Türkmenistan bilen Iordaniýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda işewürlik işjeňligini höweslendirmek üçin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy 27-nji noýabrda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen türkmen-iordan geňeşleriniň esasy mowzuklarynyň biri boldy.

Geňeşleriň dowamynda diplomatlar syýasyda, ykdysadyýetde we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin esas hökmünde iň ýokary derejede yzygiderli dialogyň we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler.

Geňeşmeleriň çäginde halkara we sebit gün tertibindäki meselelere şeýle hem BMG-nyň meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi. Parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugrynyň arasynda görkezildi.

Gepleşikleriň aýratyn bölegi medeni, bilim we syýahatçylyk alyş-çalyşlaryny, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyndaky taslamalary giňeltmek baradaky başlangyçlary boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda habar berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026