HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanyň Visa kompaniýasy bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi

Noýabr 27, 2024 | 20:40 |9047
Çäre türkmen hökümetiniň, Visa kompaniýasynyň wekilleriniň, şeýle-de maliýe tehnologiýalary ulgamynyň bilermenleriniň, işewürleriň we alym-ykdysatçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.Çäre türkmen hökümetiniň, Visa kompaniýasynyň wekilleriniň, şeýle-de maliýe tehnologiýalary ulgamynyň bilermenleriniň, işewürleriň we alym-ykdysatçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 27-nji noýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda sanly hasaplaşyklar senagatynyň dünýä lideri Visa amerikan kompaniýasy bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. Çäre türkmen hökümetiniň, Visa kompaniýasynyň wekilleriniň, şeýle-de maliýe tehnologiýalary ulgamynyň bilermenleriniň, işewürleriň we alym-ykdysatçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.

1

Türkmenistan bilen Visa kompaniýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, şol sanda maliýe tehnologiýalary ulgamyndaky gazananalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de howpsuz hasaplaşyk çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri Forumyň gün tertibinde ýer aldy. Gatnaşyjylar halkara hasaplaşyk ulgamynyň Türkmenistan çygryndaky öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ösdürmek mümkinçiliklerine garadylar.

Visa kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljekki meýilleri barada Visa kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligi ösdürmek departamentiniň uly direktory Anton Borozdin gürüň berdi:

2

“Ilki bilen, bu Foruma “halkara” derejesini beren Türkmenistan Prezidentine we hökümetine öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Visa kompaniýasy Türkmenistan bilen eýýäm 30 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmenistandaky ilkinji hyzmatdaşymyz Döwlet daşary ykdysady işler banky boldy. Bu bank bilen bilelikde biz köpsanly taslamalary durmuşa geçirip, olar ilata kart bilen tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, ýurduň sanlylaşdyrylmagyna ýardam edýär hem-de maliýe inklýuziýany ösdürýär. Şu günki geçirilýän forum diňe bir Türkmenistanyň banklaryny däl, eýsem Merkezi Aziýanyň köpsanly banklaryny ýygnady.

Bu bolsa tejribe alyşmak, täze bilimleri almak, şeýle hem sebitimiziň çäklerinde täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin özboluşly meýdança boldy. Merkezi we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan Visa kärdeşlerimiz Türkmenistanda eýýäm ornaşdyrylan ýa-da ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan kompaniýanyň önümleri we hyzmatlary barada gymmatly bilimler we maglumatlar bilen paýlaşdyrlar. Ösüş meýilleri babatda biz hyzmatdaş-banklarymyz, ýagny Döwlet daşary ykdysady işler banky, “Senagat” we “Halkbank” banklary bilen ýurdy sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy hasaplaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maliýe gurallary mümkinçiligini giňeltmek işini dowam etdireris”.

Bu Forumyň sanly maliýe hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen sanly hasaplaşyk we infrastrukturanyň ösüşi boýunça täze tendensiýalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin möhüm meýdança öwrülendigini bellemelidiris.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026