HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Tokio ykdysady hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar

Noýabr 25, 2024 | 01:20 |7499
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparynyň 15-nji bilelikdäki mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu foruma uly göwrümli korporasiýalaryň ýolbaşçylaryny öz içine alýan ýapon wekiliýetiniň gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýarYkdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparynyň 15-nji bilelikdäki mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu foruma uly göwrümli korporasiýalaryň ýolbaşçylaryny öz içine alýan ýapon wekiliýetiniň gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýar
Çeşme: orient.tm

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparynyň 15-nji bilelikdäki mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu foruma uly göwrümli korporasiýalaryň ýolbaşçylaryny öz içine alýan ýapon wekiliýetiniň gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýar.

Duşuşyk 17-nji dekabrda meýilleşdirilýär. Çärä iki tarapdan 100-e golaý wekiliýet gatnaşar. Russiýa we GDA ýurtlary bilen söwda we ykdysady gatnaşyklar assosasiýasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär. Mejlisiň gün tertibi giň göwrümli mowzuklary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary – ulag, elektroenergetika, senagat, suw hojalygy, maliýe, ekologiýa, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş.

Öňümizdäki mejlisde taraplar gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we strategiki taýdan möhüm pudaklarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we innowasiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň geçen 14-nji mejlisi 2022-nji ýylyň dekabr aýyndaTokio geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026