HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy

Noýabr 27, 2024 | 15:10 |7616
Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy (China International Supply Chain Expo - CISCE).Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy (China International Supply Chain Expo - CISCE).
Çeşme: chinadaily.com.cn

Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy (China International Supply Chain Expo - CISCE).

Şu ýyl “Umumy geljek üçin dünýäni birleşdirmek” atly şygar astynda geçirilýän bu çäre 69 ýurtdan we halkara guramalaryndan 700-e golaý gatnaşyjyny ýygnady. Fortune Global 500 sanawyndaky gatnaşýan kompaniýalaryň sany hem artdy.

CISCE sergisinde 6 sany esasy senagat zynjyrlary, esasan hem, öňdebaryjy önümçilik zynjyry, ekologiýa taýdan arassa energiýanyň zynjyry, intellektual ulag serişdeleriniň zynjyry, sagdyn ýaşaýyş durmuş zynjyry hem-de ýaşyl oba hojalayk zynjyry ýerleşdirildi.

Serginiň çäklerinde önümçiligiň we üpjünçiligiň durnukly we bökdençsiz ählumumy zynjyrlary üpjün etmek boýunça Pekin başlangyjy hödürlenildi. Üpjünçilik zynjyrlaryna bagyşlalan ilkinji çäre bolup, CISCE kiçi, orta we iri kärhanalary birleşdirmek, senagaty, akademiki toparlary, barlaglary we tejribede ulanylyşyny utgaşdyrmak, şeýle hem hytaý we halkara kärhanalaryň arasyndaky özara arabaglanyşygyna ýardam etmek isleýär.

Bu sergi 4 sany esasy wezipäni ýerine ýetirýär: söwda ulgamyna ýardam etmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam etmek; innowasiýalary birleşdirmek hem-de bilim almagy we alyş-çalyşy höweslendirmek.

CISCE 2024-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026