HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistany görmek isleýänler üçin pursat!

Noýabr 27, 2024 | 13:01 |7845
Türkmenistandaky Hindistanyň ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Bharat Ko Janiye (BKJ) 5-nji onlaýn-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.Türkmenistandaky Hindistanyň ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Bharat Ko Janiye (BKJ) 5-nji onlaýn-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hödürlenildi

Türkmenistandaky Hindistanyň ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Bharat Ko Janiye (BKJ) 5-nji onlaýn-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bu Hindistana mugt syýahat mümkinçiligini utmaga ajaýyp pursatdyr!

Bäsleşige 14-50 ýaş aralygyndaky Hindistanda ýaşamaýan hindiler; hindi gelip-çykyşly adamlar we daşary ýurt raýatlary gatnaşyp biler.

Gatnaşyjylar 30 soraga jogap bermelidir. Her soraga 30 sekund, her wideo we ses ýumuşlaryna 40 sekund wagt berilýär. Jogaplara sarp edilen wagtyň hasaba alynjakdygyny hem bellemeli. Synanyşyk sany çäklendirilmedik. Şeýle-de gatnaşyjylar üç soraga çenli çalyşmak mümkinçiligini sorap bilerler.

Gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 11-nji dekabryna çenli şu salgy boýunça bellige alynmaly.

Her topar boýunça 30 sany iň gowy gatnaşyjylar (her toparda 15 adama çenli - Hindistanda ýaşamaýan hindiler; hindi gelip-çykyşly adamlar we daşary ýurt raýatlary) 2025-nji ýylda Prawasi Bharatiýa Diwas (PBD) baýramçylygynyň bellenilmeginden başlajak Hindistana 2 hepdelik syýahata çagyrylar.

Ýeňijiler gazanan utuklaryna laýyklykda saýlanar.

Bharat Ko Janiye onlaýn-bäsleşigi Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň öňdebaryjy başlangyjy bolup, gatnaşyjylary Hindistan, onuň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýar. Bu başlangyç 2015-nji ýylda premýer-ministr Narendra Modi tarapyndan girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026