HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin AUS 32 serişdesi öndürilip başlandy

Noýabr 27, 2024 | 12:00 |1151
Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. “Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” markaly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär.Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. “Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” markaly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. “Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” markaly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär.

Kärhana şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşygy we ösüşi” (ITTC-2024) atly sergisinde bu önümini tanyşdyrdy.

1

“Bir Kuwwat” HK-nyň direktorynyň orunbasary Maksat Nurberdiýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda kärhana ýurduň içerki bazarynyň täze türkmen önümi bilen üpjün edilmegine üns berýär, daşary ýurtlara eksporty bolsa indiki tapgyrda meýilleşdirýär.

BK Blue AUS 32 bu “Bir Kuwwat” HK-nyň ýeke bir gazanan üstünligi däldir. Mundan başga-da, kärhana giň ulanyşly BK Blue minerallaşdyrylmadyk suwuň önümçiligini ýola goýdy. Bu suw AUS 32 serişdesiniň önümçiligi üçin hem ulanylýar. Durmuşda ony kir we gap ýuwujy maşynlarda, ütüklerde we howany çyglandyryjylarda ulanmagy maslahat berilýär.

2

Senagat we hojalyk pudaklarynda ol ýylylyk energiýa geçiriji toplumlarynda we ýylylyk tabşyryjylarda, sowadyjy ulgamlarynda we çyglandyryjylarda ulanylýar.

“Ütük, ýylylyk geçiriji toplumlar, çyglandyryjylar we kir ýuwujy maşynlar ýaly köpsanly durmuş desgalarynda ýokary gyzgynlykly suwuklyk ulanylýar. Gyzgynlyk prosesinde suwuň düzümindäki duzlar we minerallar gabyň diwarlaryny örtüp duran gaty çökündileri emele getirýärler. Bu bolsa diwarlaryň ýogynlaşmagyna, energiýa sarp edişiň ýokarlanmagyna, netijede bolsa enjamyň çakdanaşa gyzmagyna we onuň döwülmegine getirýär. Arassalanan suwuň ulanylmagy çökündileriň döremegini aradan aýyrýar, bu bolsa tehnikanyň bejerilmegine we çalşylmagyna bolan artyk çykdajylaryň öňüni alýar” – diýip, Maksat Nurberdiýew belledi.

3

“Bir Kuwwat” HK-nyň ýene bir möhüm önümi awtomobillerde hereketlendiriji ulgamynyň doňmagynyň öňüni alýan antrfrizler bolup dur. Kärhananyň, esasan, Türkmenistanyň çäginde alynýan çig mal serişdelerini ulanýandygyny bellemelidir. Onuň ähli işi, ýagny önümiň goýberilmeginden olaryň daşalýan kanistra (gaplaryň) gaýtadan ýasalmagyna çenli, ekologiýa taýdan arassa önümçilige esaslanýar.

Kompaniýa müşderilere geljekde gaýtadan işlemek üçin öňki ulanylan gaplary yzyna gaýtarmagy teklip edýär, bu bolsa daşky gurşawa bolan ýaramaz täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026