HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BAE energetika hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegi maksat edinýär

Noýabr 26, 2024 | 09:59 |6774
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazuri hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşyk geçirdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazuri hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: metbugat.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazuri hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşyk geçirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri emir hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Ol Türkmenistanyň bu babatda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýratyn belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge goşan uly goşandy, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesi barada belledi. Ol Türkmenistanda öndürilýän gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýandygy barada aýratyn belläp, sebitiň ýurtlarynyň türkmen tebigy gazyny import etmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýtdy.

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň drmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Ýakynda bolsa “Galkynyş” gaz käninde çykymy bir gije-gündizde 2 mln kub metre deň bolan täze tebigy gaz akymynyň alnandygy hem bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026