HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy

Noýabr 26, 2024 | 11:52 |23530
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: metbugat.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.

Resmi türkmen metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýakyn günlerde kitap neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriler.

Tanyşdyrylyş dabarasy Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyrjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrowyň gatnaşmagynda iş maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri kitabyň üstünde alyp baran işine öz zähmet rugsadyny – dynç alyş günlerini bagyşlady: kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirdi.

“Pederlerimiz şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirdiler. Häzirki nesilleriň borjy bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdir” – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi, “Milliligimizi unutman, hemişe ata-babalarymyzyň ýoluna eýermelidiris, şol bir wagtda döwür bilen aýakdaş gitmelidiris” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Gahryman Arkadagymyzyň aýtmagyna görä, her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys, çünki biz beýik döwletdiris, beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr!

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Alym Arkadagymyzy bu şanly waka bilen gutlap, ajaýyp kitaplarynyň höwriniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026