HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytay alymlary Aşgabada geldiler

Noýabr 25, 2024 | 18:00 |8210
Şu gün, 25-nji noýabrda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada hytaý alymlary geldiler. Forum 26-27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçiriler.Şu gün, 25-nji noýabrda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada hytaý alymlary geldiler. Forum 26-27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçiriler.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 25-nji noýabrda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada hytaý alymlary geldiler. Forum 26-27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçiriler.

Şu günki gün gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň medeni mirasy we ylmy gazananlary bilen tanyşmagyna bagyşlanyldy. Irden wekiliýet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyna baryp, ol ýerde alymlar himiýa tehnologiýalary boýunça geçirilýän barlaglar bilen tanyşdylar. Soňra myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardylar. Bu gezeleneç hytaý alymlaryna ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik berdi.

Öýländen soň gatnaşyjylar forumyň esasy geçirilýän meýdançasy boljak Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna hem-de Magtymguly Pyragy adyndaky medeni-seýilgäh toplumyna baryp görüp, ol ýerde hytaý edebiýatynyň “altyn asyrynyň” meşhur şahyry Du Fu ýadygräligi hem ýerleşdirilen.

Forumyň esasy çäreleri 26-njy noýabrda başlar. Maksatnamada – innowasion tehnologiýalaryň sergisiniň açylyşy hem-de umumy mejlis. 27-nji noýabrda bolsa ikitaraplaýyn duşuşyklar, tegelek stollar meýilleşdirilen. Forum ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek hem-de milli innowasiýa ulgamyny ösdürmek ýaly amaly meseleleri barada maslahatlaşmaga gönükdirilen.

Hususan-da, gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky nano- we himiýa tehnologiýalary, täze materiallaryň we energiýanyň barlaglary, biotehnologiýalar we molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa ulagmalary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylygy we farmasewtika önümçiligiň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada maslahatlaşarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026