HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Poznan şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşýar

Noýabr 25, 2024 | 13:00 |8910
2024-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň magtymgulyşynas alymlaryndan ybarat Türkmen wekiliýeti Polşa Respublikasynyň Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we menejment uniwersiteti tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy - Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde” atly halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Poznan şäherinde iş saparynda bolýarlar.2024-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň magtymgulyşynas alymlaryndan ybarat Türkmen wekiliýeti Polşa Respublikasynyň Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we menejment uniwersiteti tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy - Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde” atly halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Poznan şäherinde iş saparynda bolýarlar.
Çeşme: orient.tm

2024-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň magtymgulyşynas alymlaryndan ybarat Türkmen wekiliýeti Polşa Respublikasynyň Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we menejment uniwersiteti tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy - Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde” atly halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Poznan şäherinde iş saparynda bolýarlar.

23-nji noýabrda Türkmen wekiliýeti Magtymguly şahyryň Ýewropa ýaýran eserleriniň yzyny yzarlap, Poznan şäherindäki Adam Mitskewiç uniwersitetiniň taryh, etnografiýa we arheologiýa bölüminiň kitaphanalaryna aýlanyp, ol ýerde saklanýan Magtymguly Pyragy we Türkmenistan baradaky maglumatlar hem-de eserler bilen tanyşdylar. Soňra Poznan şäheriniň Merkezi kitaphanasynda bolup, ol ýerde Türkmen edebiýaty ensiklopediýasy we Magtymguly Pyragy baradaky naglumatlary öwrendiler. Saparyň dowamynda Türkmen wekiliýeti Poznanyň arheologiýa muzeýiniň işleri bilen tanşyp, bu ýerde meşhur polýak gündogarşynas alymy, professor Genrih Ýankowskiý bilen duşuşdylar we Magtymguly şahyryň eserlerini polýak diline terjime etmek barada pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Polşa Respublikasy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýewropa dillerine terjime edilen ilkinji döwletidir. 1842-nji ýylda polşaly alym Aleksandr Hodzko şahyryň terjimehalyny hem-de üç sany goşgusyny Londonda «Magtymguly türkmeniň üç aýdymy» ady bilen iňlis dilinde çapdan çykarýar we Ýewropa ýaýradýar.

Türkmen wekiliýeti 25-nji noýabrda “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy - Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde” atly halkara maslahatyna gatnaşar. Bu möhüm çäre Polşanyň we Ýewropa sebitiniň beýleki döwletleriniň magtymgulyşynas alymlarynyň giň köpçüligini özünde jemläp, Gündogaryň akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý mirasynyň dünýä derejesinde eýeleýän ornuny has hem beýgelder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026