HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby çap edildi

Noýabr 25, 2024 | 10:43 |7350
Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň 3-nji neşiri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň 3-nji neşiri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň 3-nji neşiri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

M.Nurlyýewanyň O.Garaýewanyň hem-de O.Nuryýewanyň awtorlygyndaky bu okuw kitaby “Meniň mekdebim”, “Men we meniň daş-töweregim”, “Meniň hepdäm”, “Beden agzalary”, “Ýol hereketi”, “Pasyllar”, “Wagt (sagat)”, “Meniň günüm” we “Meniň Watanym” ýaly baplardan ybarat. Bu temalary özleşdirmek üçin taýýarlanylan öwrediji ýumuşlar we gönükmeler daşary ýurt dili sapagyna mahsus bolan esasy 5 endigi: diňleýiş, sözleýiş, okuw, ýazuw we terjime endiklerini ösdürmäge niýetlenen.

“Nemes dili. 3” okuw kitaby taýýarlananda okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýönekeýden çylşyrymla geçmek ýörelgesi esasynda, şeýle hem öňdebaryjy daşary ýurt tejribesinden netijeli peýdalanyldy.

III synp üçin çap edilen “Nemes dili” okuw kitabynyň mazmuny we ondaky temalar bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar ösüp gelýän ýaş neslimize nemes dilini netijeli öwretmäge, olarda dil öwrenmeklige bolan gyzyklanmany hem-de höwesi ýokarlandyrmaga uly itergi berer.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň III synpy üçin “Nemes dili” okuw kitaby okuwçylaryň nemes dilinde diňläp düşünmek, okamak, ýazmak, berlen sowala düşünmek we jogap bermek, gürlemek, sözlemleri terjime etmek, grammatiki we orfografiki kadalary ulanyp bilmek ýaly ukyp-başarnyklaryny we endiklerini artdyrmaga hem-de öwrenilýän diliň ýurdunyň, şeýle-de eziz Watanymyzyň medeniýetiniň hem-de däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny öwrenmekde we gözýetimini giňeltmekde has ähmiýetli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026