HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

Noýabr 23, 2024 | 10:00 |8412
Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň bu dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça iberilmegi maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim edaralarynda okaýandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026