HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Konsertler, teleköpri, barýramçylyk feýerwerkler: Türkmenistan Täze ýyl dabaralaryna taýýarlanýar

Noýabr 23, 2024 | 12:00 |7262
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Çeşme: orient.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde birnäçe medeni çäreleri guramak, “Merdana nesil — 2024”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Birnäçe çäreler Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanylar. Esasy medeni çäreleriň hatarynda 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, dekabr aýynda ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe täze desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga beriljekdigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026