HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Italiýanyñ Daşary işler wise-ministri bilen duşuşdy

Noýabr 23, 2024 | 09:30 |8519
Italiýanyñ Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyñ Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyñ Italiýa Respublikasynyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Edmondo Çirielli, şeýle hem Italiýanyñ Daşary işler ministrliginiñ wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.Italiýanyñ Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyñ Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyñ Italiýa Respublikasynyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Edmondo Çirielli, şeýle hem Italiýanyñ Daşary işler ministrliginiñ wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyñ Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Italiýanyñ Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyñ Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyñ Italiýa Respublikasynyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Edmondo Çirielli, şeýle hem Italiýanyñ Daşary işler ministrliginiñ wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyñ dowamynda halkara guramalaryñ çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşygy pugtalandyrmak hem-de ylym we medeniýet, söwda we ykdysadyýet gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, pudaklaýyn edaralaryñ ýolbaşçylarynyñ gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek babatda öñde duran wezipeler barada maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrlikleriniñ arasynda geñeşmeleri geçirmek üçin ýakyn wagtda Aşgabada Italiýanyñ daşary syýasy edarasynyñ ýolbaşçylarynyñ saparlaryny guramak meselesine aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle-de, 2024-nji ýylyñ dekabr aýynyñ başlarynda 2024-nji ýylyñ maý aýynda Rimde geçirilen "Italiýa-Merkezi Aziýa" Üçünji Ministrlik duşuşygynda kesgitlenen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek maksady bilen Italiýanyñ bilim, saglygy goraýyş, energetika we durnukly ösüş ulgamlarynyñ welilleri Aşgabada gelmegi meýilleşdirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026