HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogy ugrundaky ýoluny iki ýeňiş bilen başladylar

Noýabr 22, 2024 | 13:35 |7291
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary, Bahreýn döwletiniň Isa Town şäherinde geçirilen Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynyň açylyş oýunlarynda iki sany möhüm ýeňiş gazandy. “B” toparynda türkmen tennisçileri Makao we Mongoliýa toparlaryny şol bir hasap bilen  ýagny 2:1 hasabynda üstün çykdylar.Türkmenistanyň milli ýygyndy topary, Bahreýn döwletiniň Isa Town şäherinde geçirilen Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynyň açylyş oýunlarynda iki sany möhüm ýeňiş gazandy. “B” toparynda türkmen tennisçileri Makao we Mongoliýa toparlaryny şol bir hasap bilen  ýagny 2:1 hasabynda üstün çykdylar.
Çeşme: @tennis.turkmenistan

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary, Bahreýn döwletiniň Isa Town şäherinde geçirilen Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynyň açylyş oýunlarynda iki sany möhüm ýeňiş gazandy. “B” toparynda türkmen tennisçileri Makao we Mongoliýa toparlaryny şol bir hasap bilen ýagny 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Ýaryş Aziýa we Okeaniýa sebitiniň V toparynyň çäginde geçirilýär, dört topara bölünen 15 topar öz derejsinde öňe saýlanmak üçin bäsleşýär. “B” toparynda şeýle hem Filippinleriň, Makaonyň we Mongoliýanyň toparlary çykyş edýärler.

Ýaryşyň beýleki toparlary aşakdakylar: “A” toparda – Guam, Nepal we Bruneý; “C” toparda – Demirgazyk Mariana adalary, Laos, Maldiwler we Butan; “D” toparda – Bahreýn, Ýemen, Bangladeş we Täjigistan.

Ýaryşyň ahyrynda toparyň ýeňijileri pleý-offa çykarlar, bu ýerde iň oňat iki toparyň geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa sebitindäki IV toparynda oýnamaga mümkinçiligi bolar. Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi: Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhamedow, Gurbanberdi Gurbanberdiýew we Hajymyrat Çaryýew. Toparyň kapitany – Mirali Hasanow. Wekiliýete Türkmenistan Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow ýolbaşçylyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026