ÝB we Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyny güýçlendirýärler


20-nji noýabrda, ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň çäginde onlaýn seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini, halkara maliýe guramalary we diplomatlar gatnaşdy. Türkmen tarapdan Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.
Ýewropa komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk baş müdirligi (DG INTPA), halkara maliýe guramalary şol sanda Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB), Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we Aşgabatdaky beýleki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri çäräni goldadylar.
Ýewropa kommisiýasynyň Baş direktorynyň Halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça baş geňeşçisi Henrik Hololeý giriş sözi bilen çykyş etdi.
Onlaýn seminaryň esasy maksady, Türkmenistanyň ileri tutulýan ulag taslamalaryny we halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde olary maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesiniň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň zerurlygyna ünsi çekdiler.

Bu seminar, 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyresmi taýdan işe girizmek boýunça başlangyjyň dowamy boldy. Bu platforma Merkezi Aziýa ýurtlary, halkara maliýe guramalary we ÝB arasynda gepleşikleri ýeňilleşdirmek, geçelgeleri ösdürmek we Merkezi Aziýada gaty we ýumşak infrastruktura pudagynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek tagallalaryny utgaşdyrmak üçin döredildi.

Seminara gatnaşyjylar birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şolaryň arasynda Türkmenistanda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hususan-da Türkmenabat – Türkmenbaşy ugry boýunça täze ýollary gurmaga we üstaşyr daşalýan ýükleriň wagtyny gysgaltmak meselesine üns berdiler. Elektron maglumatlary ýygnamak we gözegçilik ulgamlary ýaly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag we gümrük amallaryny işjeňleşdirmek üçin ýeke-täk logistika portalyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taslamalary durmuşa geçirmek üçin halkara maliýeleşdirmesini we tehniki kömegi, şol sanda Aziýanyň Ösüş Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky we Ýewropanyň maýa goýum banky ýaly maliýe guramalarynyň goldawyny çekmäge aýratyn üns berildi.
Gatnaşanlar maglumat alyşmagyň we ähli taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň, taslama düşünjelerini ösdürmegiň we mümkin bolan maýadarlara hödürlemegiň möhümdigini bellediler. ÝB-niň wekilleri goşmaça gözlegler we ýol kartalaryny düzmek ýaly tehniki we maslahat beriş goldawyny bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Onlaýn ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistan bilen ÝB-niň ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň nobatdaky ädimi boldy.
ORIENT








