HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Katardaky “Kids Expo 2024” halkara segisine gatnaşdy

Noýabr 21, 2024 | 14:22 |8687
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän “Kids Expo 2024” halkara sergisine gatnaşdy.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän “Kids Expo 2024” halkara sergisine gatnaşdy.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän “Kids Expo 2024” halkara sergisine gatnaşdy.

Wekiliýetiň agzalary täze doglan we 13 ýaşa çenli çagalary goldamaga gönükdirilen bilim, saglygy goraýyş, medeiýet we dynç alyş pudaklaryndaky iň täze gazananlary bilen tanyşdylar. Çagalaryň dynç alşyny guramaga gönükdirilen bilim tehnologiýalary we lukmançylyk hyzmatlary, innowasion çözgütler bilen baglanyşykly bölümlere aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle-de, wekiliýet “A+Programm” maksatnamasynyň çäklerinde görkezilen okatmagyň innowasion usullary bilen tanyş boldy. Bu maksatnama öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, şol sanda wirtual hakykat, emeli aň tehnologiýalaryň hem-de garyşyk okatmak usullaryň ulanylmagyna gönükdirilen, bu bolsa okuw prosessiniň hilini ýokarlandyrmaga we çagalarda tankydy pikirlenmek ukybynyň ösdürilmegine ýardam berýär.

Türkmen hünärmenleri serginiň guramaçylary hem-de halkara kmpaniýalaryň wekilleri bilen öndürijilikli duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanda “Kids Expo 2024” sergisiniň üstünlikli geçirilendigi barada habar berdiler. Bu, öz gezeginde, ýaş ösüp gelýän nesliň biliminiň, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde döwlet tarapyndan edilýän aladanyň ýokary derejesi barada subut edýär.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Kataryň“Al Sharq” Al Sharq meşhur gündelik gazetinde şöhlelendirilendigi bellärlikdir, sebäbi bu neşiriň “Media-Türkmen” habarlar agentliginiň “ORIENT” saýty bilen täzelik habarlaryny alyşmak baradaky Ähtnamasy hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026