HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi

Noýabr 20, 2024 | 13:55 |7398
Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi.Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäre inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam etmäge we CAREC ýurtlarynyň halkara söwdanyň hereket edýän borçnamalaryna eýermäge taýýarlyklaryny goldamaga gönükdirilen Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada müşderilere iň gowy hyzmat etmekde iň gowy gümrük gullugy” atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Mysal üçin, Serhetüsti kagyzsyz söwda baradaky Ylalaşyk, Ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy.

Koreýanyň hünärmenleri seminarda täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly mukdarda maglumat akymlary işinde serhetleri döwrebaplaşdyrmak tejribesi bilen paýlaşdylar.

Şeýle-de gatnaşyjylar serhetüsti sanly söwdanyň ýörelgeleri hem-de Koreýa we CAREC-iň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň arasynda ählumumy söwdany kämilleşdirmek meseleleri barada maslahatlaşdylar.

CAREC maksatnamasy (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) – bu sebitleýin maskatnama bolup, ol ulag, söwda, energetika we ykdysady geçelegeleri ösdürmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegi arkaly sebitde söwdanyň giňeldilmegine we maksatnamanyň agza-ýurtlarynyň işewürlik bäsdeşlige ukyplylygyny gowulandyrmaga gönükdirilen.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026