HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DARYA maksatnamasynyň çäginde gazanylan netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlygyň täze maksatlary kesgitlenildi

Noýabr 20, 2024 | 19:50 |7240
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde DARYA maksatnamasynyň çäginde gazanylan üstünlikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň we Merkezi Aziýa üçin Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) utgaşdyryjysy Kristina Hemşmaýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Bilim ministrliginde DARYA maksatnamasynyň çäginde gazanylan üstünlikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň we Merkezi Aziýa üçin Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) utgaşdyryjysy Kristina Hemşmaýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde DARYA maksatnamasynyň çäginde gazanylan üstünlikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň we Merkezi Aziýa üçin Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) utgaşdyryjysy Kristina Hemşmaýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy bilen amala aşyrylýan bu maksatnama, Merkezi Aziýadaky ýaşlara zerur hünärleri ösdürmek we hünär bilim ulgamyny kämilleşdirmek arkaly goldaw bermäge gönükdirilendir.

Duşuşykda Azat Ataýew DARYA maksatnamasynyň çäginde özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, maksatnamanyň üç esasy moduly boýunça Türkmenistanyň gazanan netijelerine ýokary baha berdi:

1-nji modul: Geljege gönükdirilen başarnyklary ösdürmek - bilim zerurlyklary baradaky maglumatlary jemlemek we seljermek işlerini kämilleşdirmegi maksat edinýär, bu bolsa, öz gezeginde ykdysadyýet üçin zerur hünärleri ösdürmek boýunça wezipeleri has gowy çaklamaga we meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

2-nji modul: kärlere çeýe we ötgür çemeleşmeler - dürli okuw ugurlaryny we hemmeler üçin deň mümkinçilikleri üpjün edýän, şeýle hem zähmet hereketini ýeňilleşdirýän has çeýe hünär derejelerini döretmegi maksat edinýär.

3-nji Modul: Okatmaga we öwrenmäge gönükdirilen çeýe we inklýuziw çemeleşmeler - esasy başarnyklary ösdürmäge we zähmet bazarynyň zerurlyklaryna görä häzirki zaman okuw usullaryny ornaşdyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistan hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we zehinli hünärmenleri taýýarlamaga ygrarlydygyny görkezip, DARYA maksatnamasyna işjeň gatnaşýar. 3-nji modulyň çäginde SCAFFOLD usulyýeti işjeň ulanylýar – Ýewropa Bilim Gaznasy we Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki Gözleg Merkezi (JRC) tarapyndan işlenip düzülen bilim amallaryny guramak üçin döwrebap usul. SCAFFOLD 102 sany kartoçkalardan ybarat toplum bolup, ol bilim basgançagynyň her tapgyrynda talyplara goldaw berip, mugallymlara bilim bermek işini meýilleşdirmäge we alyp barmaga ýardam edýär. Bu usul talyplaryň özbaşdak endikleriniň kem-kemden ösmegine we bilimde döredijilikli çemeleşmegine kömek edýär.

Duşuşygyň dowamynda SCAFFOLD usulyýetini ulanyp, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, orta hünär we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw seminarlaryny geçirmekde gazanylan tejribe beýan edildi. Hanym Hemşmaýer hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda we häzirki zaman ülňülerine uýgunlaşmakda ýurduň möhüm üstünliklerini belläp geçip, Türkmenistanyň hünär bilimini ösdürmekde gazanan netijelerine ýokary baha berdi.

Hormatly myhman hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, aşakdaky ileri tutulýan ugurlary teklip etdi:

Öňdebaryjy tejribe merkezleri. Öňdebaryjy tejribe merkezleri Ýewropa tejribesinde innowasiýalary girizýän, hünärleriň yzygiderli täzelenmegini goldaýan we zähmet bazarynyň talaplaryny kanagatlandyrýan bilim ulgamynda öňdebaryjy edaralar bolup durýar. Bu merkezler, uçurymlaryň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply we islegli bolmagyny üpjün etmek üçin hünär endikleri ösdürmäge, iň täze tehnologiýalary ulanmaga we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Zerur bolan hünär başarnyklary çaklamakda hereketleriň toplumy. Zähmet bazaryndaky üýtgeşmeleri çaklap we geljekde hünär zerurlyklaryny kesgitläp bilýän ulgamyň döredilmegi okuw maksatnamalaryny we hünär ölçeglerini uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik döreder, bu bolsa hünär bilim ulgamynyň uzak möhletleýin durnukly ösüşine ýardam eder.

Resmi däl bilimi barlamak we tassyklamak. Bu başlangyç resmi däl bilim ulgamy arkaly eýe bolnan hünär başarnyklary ykrar etmäge we tassyklamaga gönükdirilip, ol iş bilen üpjünçilikde we hünär derejesini ýokarlandyrmakda has köp mümkinçilikleri döretmegi maksat edinýär.

Bilim edaralarynyň hiline özbaşdak baha bermek ulgamy. Özbaşdak baha bermek ulgamynyň ornaşdyrylmagy, hünär-tehniki okuw mekdeplerine içerki gözden geçiriş amallaryny ýerine ýetirmäge we bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edip, ýokary ölçegleri saklamaga we bilim berilişiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.

Türkmen tarapy DARYA maksatnamasy bilen, aýratyn hem Öňdebaryjy tejribe merkezleri döretmek, hünär başarnyklaryna bolan zerurlyklary çaklamak babatda hereketleriň toplumyny işläp düzmek, resmi däl bilimi barlamak we tassyklamak ulgamyny ornaşdyrmak, şeýle hem bilim edaralarynyň hiline özbaşdak baha bermek ulgamyny ulanmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Türkmenistan bu hyzmatdaşlyga hünär bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň we ony häzirki zaman zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk ösdürmegiň esasy ýoly hökmünde garaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026