HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň startap-kartasynda we sebit ekoulgamynyň geljegi

Noýabr 19, 2024 | 23:10 |9317
13-nji noýabrda Daşkende geçirilen Merkezi Aziýa startap forumy sebitdäki ýurtlaryň startap-ekoulgamlaryndaky esasy oýunçylary, bilermenleri, töwekgelçilikli maýa goýum (wençur) gaznalaryny, tizlendirijileri, uniwersitetleri, döwlet edaralaryny, halkara guramalary we beýlekileri bir ýere jemledi13-nji noýabrda Daşkende geçirilen Merkezi Aziýa startap forumy sebitdäki ýurtlaryň startap-ekoulgamlaryndaky esasy oýunçylary, bilermenleri, töwekgelçilikli maýa goýum (wençur) gaznalaryny, tizlendirijileri, uniwersitetleri, döwlet edaralaryny, halkara guramalary we beýlekileri bir ýere jemledi
Çeşme: ca-startupforum.org

13-nji noýabrda Daşkende geçirilen Merkezi Aziýa startap forumy sebitdäki ýurtlaryň startap-ekoulgamlaryndaky esasy oýunçylary, bilermenleri, töwekgelçilikli maýa goýum (wençur) gaznalaryny, tizlendirijileri, uniwersitetleri, döwlet edaralaryny, halkara guramalary we beýlekileri bir ýere jemledi.

Forumyň esasy maksady, gatnaşyjylaryň arasynda bilim, tejribe we öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin ösüş meýdançany döretmek şeýle hem Merkezi Aziýada startap ekoulgamlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyga ýardam bermekden ybaratdyr. Çärä dürli formatda geçirildi: bellibir mowzuk boýunça çekişmeler, tematiki umumy sapaklar, okuw maslahaty, tegelek stollar, tor mejlisleri, startapyň tanyşdyrylyşy we başgada köp zatlar.

Merkezi Aziýa häzirki wagtda zehinli ýaşlaryň startaplary döretmek üçin goldaw, maliýe we tejribe alyp bilýän ýeke-täk integrirlenen giňişlige öwrülýär.

19112024-turkmenistan-na-startap-karte-centralnoj-azii (3).jpg

Türkmenistandaky “Startup Academy” müdiri Daniil Maýkowskiý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga mysal getirdi:

“Guramamyz, mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin FGI / USAID taslamasyndan maliýeleşdirdi. Indi startap meseleleri boýunça 2025-nji ýylyň aprelinde geçiriljek maslahata taýýarlaýarys. Maksatnamanyň çäginde, “MOST” işgärleri tarapyndan işimizi giňeltmäge we olary has durnukly etmäge, şeýle hem maliýe görkezijilerini we maksatly diňleýjileri - startaplary we maýadarlary özüne çekmegiň görkezijilerini ýokarlandyrmaga kömek etjek bir topar webinarlar geçiriler. Türkmenistanda startap ekoulgamyny ösdürmek üçin ýerli gurama “StartUp Academy” we Merkezi Aziýada iň tejribeli “ecosystem builder” “MOST” kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary Türkmenistanda startap-jemgyýetiniň ösüşini ep-esli çaltlaşdyryp biler”.

19112024-turkmenistan-na-startap-karte-centralnoj-azii (1).jpg

Umuman aýdanyňda, forum dürli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň merkezleriniň arasynda baglanyşyk döretmegiň, has kämillik derejesine çykarmak we tehnologiki önümleri halkara bazarlaryna eksport etmek, şeýlelik bilen sebiti halkara giňişlikde bilelikde tanatmak maksady bilen irki tapgyrda startaplary ösdürmegiň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şonuň üçin Merkezi Aziýadaky hususy töwekgelçilikli maýa goýum gaznasy “MOST” irki tapgyrda startaplara maýa goýmak we sebit ýurtlaryndan esaslandyryjylar bilen uly göwrümli mümkinçiligi bolan tizlendiriji gaznany işe girizýär.

19112024-turkmenistan-na-startap-karte-centralnoj-azii (2).jpg

Forumyň ähli mejlisleri tamamlanandan soň, startap-battl (çekişme) geçirildi, onda Merkezi Aziýadan 10 startaplar bäsleşdi, şol sanda ikisi Türkmenistandan: Biar delivery (Begenç Rejepow) we Zootel (Tahyr Orazdurdyýew).

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026