HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýokary synp okuwçylary üçin iňlis dili boýunça kitap çap edildi

Noýabr 20, 2024 | 12:25 |10813
Ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi.Ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi.
Çeşme: education.gov.tm

Ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilmegine görä, bu okuw kitaby okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerine esaslanylyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan hem-de öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylyp taýýarlanyldy.

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby bu dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylaryň iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen birnäçe resminamalaryň, şol sanda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak hem-de kämilleşdirmek babatynda esasy ýörelge bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda okadylmagyny gazanmagy göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026
«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

19:51 Awgust 10, 2026