HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Russiýanyň hünärmenleri ilatyň ýokanç kesellere garşy immuniteti boýunça barlaglary geçirerler

Noýabr 20, 2024 | 17:15 |7809
Türkmenistanda häzirki wagtda ilatyň derwaýys ýokanç kesellerine garşy immunitetini bahalandyrmak boýunça giň gerimli barlaglar geçiriler. Taslama RF-yň Russiýanyň alyjy gözegçiliginiň Paster adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň hemaýaty bilen durmuşa geçiriler. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.Türkmenistanda häzirki wagtda ilatyň derwaýys ýokanç kesellerine garşy immunitetini bahalandyrmak boýunça giň gerimli barlaglar geçiriler. Taslama RF-yň Russiýanyň alyjy gözegçiliginiň Paster adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň hemaýaty bilen durmuşa geçiriler. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.
Çeşme: www.pasteurorg.ru

Türkmenistanda häzirki wagtda ilatyň derwaýys ýokanç kesellerine garşy immunitetini bahalandyrmak boýunça giň gerimli barlaglar geçiriler. Taslama RF-yň Russiýanyň alyjy gözegçiliginiň Paster adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň hemaýaty bilen durmuşa geçiriler. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin Aşgabada Sankt-Peterburgdan ylmy-barlag institutynyň direktory, RYA-nyň akademigi, professor Areg Totolýanyň ýolbaşçylygyndaky lukmançylyk hünärmenleriň topary geldi. Saparyň ilkinji gününde hyzmatdaşlyk barada ikitarapalýyn ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga laýyklykda, barlaglar gyzamyk, gyzylja, parotit (hapgytrma), difteriýa (täjihoraz) we ýokanç gepatit (sary getirme) ýaly möhüm ýokanç kesellerini öz içine alar. Işiň çäklerinde hünärmenler barlaghana maglumatlaryny toplap, ilatyň immunitetiniň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary almak üçin mugt serologiýa barlaglaryny geçirer.

Neşiriň bellemegine görä, munuň ýaly barlaglar Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Alnan netijeler epidemiologiýa ýagdaýyny çaklamaga we öňüni alyş çärelerini, şol sanda sanjymlar maksatnamasyny kämilleşdirmäge ýardam eder.

Uzakmöhletleýin ylalaşyk bäş ýyla niýetlenen hem-de diňe bir amaly tejribeleriň geçirilmegini öz içine alman, eýsem hünärmenlere bilim bermekden, ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden we iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyndan ybarat bolar. “Bu Ylalaşyk hem amaly, hem ylmy wezipeleri öz içine alýar.

Biz hünärmenleri taýýarlamak, tejribe alyşmak we bilelikde ylmy taslamalary işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk ederis” – diýip, ylmy-barlag institutynyň direktory, RYA-nyň akademigi, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Areg Totolýan belledi.

Bu barlaglar saglygy goraýyş we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026