Kataryň ýokary okuw mekdebi türk seriallaryna bagyşlanan täze okuwy girizdi


Şu ýylyň noýabr aýyndan başlap, Kataryň Demirgazyk-Günbatar uniwersiteti türk telewizion dramalaryna bagyşlanan özboluşly okuwyny girizýär. “Türk telewizion dramalarynyň ählumumy täsiri” atly täze okuw türk seriallaryň medeni ähmiýetine we olaryň dünýäniň 170-den gowrak ýurtlaryndaky täsin üstünligine ýöriteleşdiriler.
Türk seriallar dünýä metbugat manzarasynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, Ýakyn Gündogarda, Balkanlarda, şeýle hem Latyn Amerikada we Merkezi Aziýada uly meşhurlyga eýe boldy.
Şu gün türk seriallar tutuş dünýä boýunça 700 milliondan gowrak tomaşaçylary bilen öwünip biler. Olaryň arasynda giň auditoriýany çekmegi dowam edýän “Ajaýyp asyr”, “Bahar”, “Jüptün” we beýlekiler ýaly aýratyn meşhurlyga eýe bolan seriallar bar.
Kataryň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetindäki täze okuw türk seriallaryň medeni täsirine bagyşlanyp, filmiň mazmuny, gahrymanlary we olarda agzalýan durmuş meseleleri ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berer.
Şeýle-de, ýokary okuw mekdebiniň maksatnamasy türk seriallaryň şeýle giň ahlkara auditoriýany özüne çekip bilmeginiň we olaryň Türkiýäniň medeni diplomatiýasynyň möhüm guralyna öwrülmeginiň sebäplerini öwrenmegi meýilleşdirýär.
ORIENT news







