HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Noýabr 19, 2024 | 11:00 |11623
Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Çeşme: orient.tm

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.

1

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.

2

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we sungatlaryň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

3

Bellenilişi ýaly, şu günki döredijilik çäresi, bilelikde geçirilen medeni çäreleriň ählisinde bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze ugurlaryny açyp, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm ädimdir.

4

Soňra bu ýerde özbek sungat ussatlarynyň konserti boldy. Goňşy ýurduň sungat wekilleriniň özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Konsert ýerine ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalar toparynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Özbek sungat işgärleriniň çykyşlary şowhun bilen garşylanyldy. Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa sahna özboluşly öwüşgin çaýdy.

5

Döredijilik çäresiniň çäklerinde 19-njy noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy guralar.

6

Şeýle hem paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti, özbek lybaslarynyň görkezilişi, milli tagamlaryň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar.

7

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026