HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda "El iş önümleriniñ eksporty-2024" atly taslamasy işläp başlaýar

Noýabr 19, 2024 | 11:28 |9889
USAID-yñ telekeçiligi we işewür gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy hususy telekeçi Begençmyrat Böweliýew bilen bilelikde türkmen senetçilerini goldamaga gönükdirilen "El iş önümleriniñ eksporty-2024" atly başlangyjyny ýola goýýar.USAID-yñ telekeçiligi we işewür gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy hususy telekeçi Begençmyrat Böweliýew bilen bilelikde türkmen senetçilerini goldamaga gönükdirilen "El iş önümleriniñ eksporty-2024" atly başlangyjyny ýola goýýar.
Çeşme: USAID-yñ telekeçiligi we işewür gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy tarapyndan berildi

USAID-yñ telekeçiligi we işewür gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy hususy telekeçi Begençmyrat Böweliýew bilen bilelikde türkmen senetçilerini goldamaga gönükdirilen "El iş önümleriniñ eksporty-2024" atly başlangyjyny ýola goýýar.

Bu taslama senetçilere işewürligini giñeltmäge, satuwlar üçin häzirki zaman halkara platformalaryny özleşdirmäge, beýleki senetçiler bilen tejribe alyşmaga, şeýle hem daşarky bazarlara çykmak üçin netijeli logistika çözgütlerini işläp taýýarlamaga özboluşly mümkinçiligini berer.

Taslama gatnaşmaklyk toplumlaýyn okuwdan ybaratdyr. Hususan-da, gatnaşyjylar elektron täjirçilik, logistika, SMM, foto we wideo ýazgylaryny düşürmek, marketing, sosial endikler, şeýle hem işewürligi ösdürmek we alyp barmak boýunça okuwlary geçerler.

Nazary bilimler amaly sapaklar bilen berkidiler, olarda bolsa Amazon, eBay we Etsy ýaly halkara marketpleýslerde üstünlikli satuwlar üçin zerur bolan endikleriñ ösdürilmegine aýratyn üns beriler.

Mundan başga-da, guramaçylar tarapyndan işläp taýýarlanylan taslama çözgütleri, şol sanda önümleriñ daşary ýurt bazarlaryna eltmegiñ ýola goýulan ugurlary gatnaşyjylar üçin elýeterli bolar.

Okuwlar Aşgabat şäherinde iki aýyñ dowamynda geçiriler.

Taslama gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyñ 01-nji dekabryna çenli Aşgabat wagty sagat 18:00 çenli degişli arza görnüşini doldurmalydyr.

Gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp alynar, sebäbi orunlaryñ sany çäklendirilen.

Ähli soraglar bilen şu salgylara ýüz tutup bilersiñiz:

Telefon belgisj: +993 (71) 766 177

Email: handmadeexp24@gmail.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026