HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AUSTRIACARD Türkmenistana ulanyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tehnologiýalary hödürleýär

Noýabr 16, 2024 | 13:30 |9735
“Elektron sanly gol diňe bir resminama dolanyşygyny çaltlaşdyrman, eýsem howpsuzlygy kepillendirýär. Resminama belli bir adam tarapyndan gol çekilýär we belli bir sene bilen senelenýär, bu bolsa galplaşdyrma mümkinçiligini aradan aýyrýar” – diýip, kompaniýanyň wekilleri düşündirdiler.“Elektron sanly gol diňe bir resminama dolanyşygyny çaltlaşdyrman, eýsem howpsuzlygy kepillendirýär. Resminama belli bir adam tarapyndan gol çekilýär we belli bir sene bilen senelenýär, bu bolsa galplaşdyrma mümkinçiligini aradan aýyrýar” – diýip, kompaniýanyň wekilleri düşündirdiler.
Çeşme: orient.tm

“Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisinde we ylmy maslahatynda AUSTRIACARD awstriýaly kompaniýasynyň alyp barýan işi uly gyzyklanma döretdi. Kompaniýanyň wekilleri Sergeý Ýeliseýew we Pýer Alan Bauer ORIENT saýtynyň habarçysy bilen gürrüňdeşliginde çärä gatnaşmak baradaky duýgylary hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça meýilleri bilen paýlaşdylar.

AUSTRIACARD sanly howpsuzlyk boýunça lider bolup, töleg ulgamlary, döwlet resminamalary, ulag infrastrukturasy we elektron hokümet üçin önümleri we hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýa dünýäniň 100-den gowrak ýurdynda iş alyp barmak bilen, Merkezi we Gündogar Ýewropada öňdebaryjy orunlary eýeleýär. “Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini görýäris. Biziň tehnologiýalarymyza isleg bildirilýär, we biz eýýäm ýerli edaralar bilen gepleşiklere başladyk” – diýip, Sergeý Ýeliseýew belledi.

AUSTRIACARD ýolbaşçylary kagyz arhiwlerini sanly görnüşe geçirmek çözgütlerine, biometriýa identifikasiýa ulgamlarynyň işläp taýýarlanylmagyna we elektron sanly goluň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. “Biziň maksadymyz – resminamalary dolandyrmak işini aňsatlaşdyrmak, olaryň ulanyjylar üçin goraglylygyny we amatlylygyny ýokarlandyrmakdyr. Mysal üçin, biz arhiwleri skanirlemek we sanlylaşdyrmak üçin platformalary hödürleýäris, bu bolsa Türkmenistanyň döwlet edaralary üçin möhümdir” – diýip, Ýeliseýew aýratyn nygtap geçdi.

AUSTRIACARD munuň ýaly taslamalary durmuşa geçirmekde baý tejribe toplady. Kompaniýanyň esasy ugurlarynyň biri elektron sanly goluň ornaşdyrylmagydyr. Bu tehnologiýa resminamalara, şol sanda dogluş hakyndaky şahadatnamalara, diplomlara, döwlet we hususy şertnamalara sanly görnüşinde gol çekmäge mümkinçilik berýär.

“Elektron sanly gol diňe bir resminama dolanyşygyny çaltlaşdyrman, eýsem howpsuzlygy kepillendirýär. Resminama belli bir adam tarapyndan gol çekilýär we belli bir sene bilen senelenýär, bu bolsa galplaşdyrma mümkinçiligini aradan aýyrýar” – diýip, kompaniýanyň wekilleri düşündirdiler.

AUSTRIACARD wekilleri Türkmenistanyň degişli edaralary bilen gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny bildirdiler. “Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmagymyza şat. Türkmenistanyň hökümeti innowasiýalara gyzyklanma bildirýär, biz hem öz tejribämizi we tehnologiýalarymyzy ulanyp, bu başlangyçlary goldamaga taýýardyrys. Biziň maksadymyz – çözgütlerimizi, ilki bilen, adamlar üçin, bähbitli we amatly etmekdir” – diýip, Sergeý Ýeliseýew sözüni jemledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026