HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýamagyň çäginde täze demir ýol stansiýalaryny gurar

Noýabr 16, 2024 | 03:45 |8949
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdiMinistrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň çäginde ýurduň dürli sebitlerinde täze demir ýol stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär, bu maddy-enjamlaýyn binýady berkitmekde we pudagyň işgärleri üçin iş şertlerini kämilleşdirmekder möhüm ädim bolar.

Döwlet Baştutany, Duşak we Bamy (Ahal welaýaty), Jebel (Balkan welaýaty) hem-de Baýramaly (Mary welaýat) demir ýol stansiýalaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Prezident Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna tassyklanan maksatnamanyň çäginde işleriň ýerine ýetirilmegini guramagy tabşyrdy.

Döwrebap demir ýol stansiýalary ýolagçylary we ýükleri daşamak üçin merkezi nokada öwrüler, söwdanyň, senagatyň we oba hojalynyň ösmegine kömek eder. Täze stansiýalar amatly syýahat şertlerini döreder we sebitleriň arasynda has netijeli özara gatnaşygy üpjün eder.

Stansiýalaryň gurulmagy we işlemegi, täze iş orunlaryny döreder we sebitlerde iş derejesini ýokarlandyrjak ökde hünärmenleriň çekilmegini talap eder. Häzirki zaman stansiýalary, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada esasy üstaşyr geçiriji merkez hökmünde ornuny güýçlendirer we ýurduň halkara ulag geçelgelerine goşulyşmagyna ýardam eder.

Demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen giňişleýin döwlet maksatnamasynyň bir bölegidir. Gurluşygyň täze tapgyry, ýurduň geljekdäki çagyryşlara taýýardygyny görkezýär we onuň sebitleýin hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde derejesini nygtaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026