HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ählumumy derejedäki işläp düzüjiler Türkmenistanda MTK bilim ekoulgamynyň döredilmegine goldaw bermäge taýýar

Noýabr 15, 2024 | 22:40 |8514
“Türkmentel-2024” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça MKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy“Türkmentel-2024” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça MKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy
Çeşme: education.gov.tm / huawei.com/orient.tm

“Türkmentel-2024” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça MKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

1

Allen Tang Huawei” kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çuňňur gyzyklanýandygyny mälim etdi we onuň innowasiýa we sanly özgerişlerde ählumumy lider hökmündäki ornuny nyugtady. Kompaniýanyň wekili ‘Huawei”-iň ösen tehnologiýalary işjeň işläp düzýänligi we bilim hem-de barlag amallaryna aýratyn üns berýändigini aýtdy.

1731675248298 (1) (1).jpg

Allen Tang MKT akademiýalaryny hem-de öňdebaryjy çözgütleri döretmek, şol sanda “Smart Classroom 3.0” ornaşdyrmak boýunça goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem, Türkmenistany, talyplara emeli aň, bulut tehnologiýalary ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary öwretmäge gönükdirilen “Seeds for the Future” atly maksatnama gatnaşmaga çagyrdy diýip, Bilim ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

d47b16064b232683539d68a95566807c.jpg

Öz gezeginde, Azat Ataýew hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň uludygyny we şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Şanhaý şäherine amala aşyran iş saparynyň ýokary netijä beslenendigini belläp geçdi. “Huawei Connect 2024” atly halkara maslahatyň çäginde MKT bilimi babatynda şol sanda bilimde emeli aňy ornaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Duşuşykda sanlylaşdyrmagy we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýän bilim ekoulgamyny döretmekde taraplaryň özara gyzyklanmasy nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026