HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan: hyzmatdaşlygy berkitmek we dialogy ösdürmek

Noýabr 15, 2024 | 16:55 |8866
Brýussel şäherinde iki tarapyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we özara düşünişmegi giňeltmek islegini görkezýän Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy geçirildi.Brýussel şäherinde iki tarapyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we özara düşünişmegi giňeltmek islegini görkezýän Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasyny tarapyndan üpjün edildi

Brýussel şäherinde iki tarapyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we özara düşünişmegi giňeltmek islegini görkezýän Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy geçirildi.

Ýewropanyň parlamentiniň wekiliýetine Merkezi Aziýa we Mongoliýa bilen gatnaşyklar boýunça ÝB-niň wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Ýusupguly Eşşäýew wekilçilik etdi.

15112024-evrosoyuz-i-turkmenistan- (1).jpeg

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy:

Ykdysadyýet. Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we daşary ýurt maýadarlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary hödürledi. ÝB söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Bilim. Akademiki alyş-çalyşlara aýratyn üns berildi. Türkmenistan Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň bilim ministrleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary guramagy teklip etdi.

Ulag we infrastruktura. Gatnaşanlar sebit başlangyçlaryny we şu ýylyň oktýabr aýynda Ýewropa komissary Jutta Urpilaýneniň Türkmenistana eden sapary wagtynda Aşgabatda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginuň arasynda ulag aragatnaşygy pudagynda utgaşdyryjy platformasynyň üstünlikli işe girizilmegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Merkezi Aziýanyň, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri hökmünde strategiki ornuna ünsi çekdiler.

15112024-evrosoyuz-i-turkmenistan- (2).jpeg

Duşuşygyň möhüm mowzugy durmuş syýasaty we adam hukuklary boldy. Türkmenistan, raýatsyzlygy ýok etmekde öňegidişlik gazandy, ÝB, ÝHHG we BMG bilen adam hukuklarynyň goralmagyny we durmuş kepillikleri güýçlendirmek üçin işjeň hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

15112024-evrosoyuz-i-turkmenistan- (3).jpeg

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge we dialogy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, indiki duşuşygy Türkmenistanda geçirmegi ylalaşdylar.

15112024-evrosoyuz-i-turkmenistan- (1).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026