HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyna Antalýada taýýarlanýar

Noýabr 12, 2024 | 12:15 |10384
Türkmenistan agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň dekabrynda Bahreýnde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Häzirki wagtda türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.Türkmenistan agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň dekabrynda Bahreýnde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Häzirki wagtda türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.
Çeşme: Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasy

Türkmenistan agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň dekabrynda Bahreýnde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Häzirki wagtda türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Baş tälimçi Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 30 türgen (19 erkek we 11 zenan) gatnaşýar.

IMG-20241112-WA0001.jpg

20241112_123056.jpg

Topara ýedi tejribeli hünärmen goldaw berýär: Meret Sähetmyradow, Azat Gorganow, Ahmet Saryýew, Guwanç Sahydow, Baýram Geldiýew, Gurbandurdy Amanow we Zair Guseýnow. Olaryň hemmesi dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen okuw-türgenleşik işini guramakda möhüm orny eýeleýärler.

IMG-20241112-WA0000.jpg

Türkmen agyr atletikaçylar üçin ýylyň esasy ýaryşy 4-nji dekabrdan 14-nji dekabr aralygynda Manamada (Bahreýn) geçiriljek agyr atletika boýunça 89-njy dünýä çempionatydyr. Ýaryşa üstünlikli taýýarlyk görmek üçin topar gündelik türgenleşik bilen bir hatarada her gün iki wagtyna okuw sapaklary geçýärler. Adaty sport zaldaky türgenleşiklerinden başga-da, türgenler Ortaýer deňziniň kenarlarynda maşklaryny geçýärler, bu ýokary derejeli fiziki taýýarlygy saklamaga kömek edýär we çalt dikelmäge ýardam berýär.

IMG-20241112-WA0002.jpg

20241112_123118.jpg

Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny 21-nji noýabra çenli dowam eder, şondan soň topar Bahreýn şäherine gider we şol ýerde dünýä çempionatyndan öňki taýynlyklaryny dowam etdirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026