HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatda geçiriljek halkara ulag forumyna çagyryldy

Noýabr 12, 2024 | 15:45 |8299
11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň müdiri, ilçi Atageldy Haljanow Tährandaky ECO-nyň sekretariatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşdy11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň müdiri, ilçi Atageldy Haljanow Tährandaky ECO-nyň sekretariatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşdy
Çeşme: ECO

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň müdiri, ilçi Atageldy Haljanow Tährandaky ECO-nyň sekretariatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen has ýakyn aragatnaşyk saklamak islegini beýan edip, Haljanow Baş sekretary 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” atly maslahatyna we sergisine çagyrdy.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygyny belläp, Baş sekretar Asad Han Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasnyň başlangyçlaryny goldamakda we oňa gatnaşmakda işjeň ornuna ýokary baha berdi.

12112024-gensek-oes-priglashen-na-transportnyj-forum-v-ashhabade (2).jpg

Duşuşykda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasnyň we beýleki halkara guramalarynyň ulag, energetika we daşky gurşaw pudagyndaky käbir başlangyçlarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Guramanyň web sahypasynda habar berilýär.

Ozal habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasnyň sekretariaty bilen bilelikde Arkadag şäherinde Durnukly ösüş boýunça ECO-nyň birinji forumyna taýýarlyk görýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026