HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Mustafa Kemal Atatürki hormat bilen ýatladylar

Noýabr 10, 2024 | 11:00 |8352
Şu gün, 10-njy noýabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrjysy we ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürki hormat bilen ýatladylar. Türkmenistandaky Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan hatyra dabarasy Atatürk adyndaky seýilgähinde geçirildi.Şu gün, 10-njy noýabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrjysy we ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürki hormat bilen ýatladylar. Türkmenistandaky Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan hatyra dabarasy Atatürk adyndaky seýilgähinde geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 10-njy noýabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrjysy we ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürki hormat bilen ýatladylar. Türkmenistandaky Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan hatyra dabarasy Atatürk adyndaky seýilgähinde geçirildi.

Dabara dymmak pursatyndan başlady, soňra bolsa iki ýurduň arasyndaky hormatyň we berk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet gimnleri ýaňlandy. Atatürküň heýkeline gül goýulyşyk bolsa dabaranyň esasy bölegi boldy.

Mustafa Kemal Atatürk meşhur serkerdebaşy, özgeridiji we häzirki zaman Türkiýäniň esaslandyryjysy bolup, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýet. Onuň tagallasy bilen 1923-nji ýylda Türkiýe dünýewi, deňlik we demokratiýa ýörelgelerine esaslanan respublika boldy. Onuň geçiren özgerişlikleri bilim, hukuk, ykdysadyýet we medeniýet ýaly durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alyp, häzirki zaman Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutdylar.

Dabaranyň ahyrynda Ilçihananyň wekilleri we belent mertebeli myhmanlar çykyş edip, bu günüň wajyplygy we Atatürküň häzirki Türkiýäniň ösüşine eden täsiri barada bellediler.

Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026