HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda raýatsyzlyk boýunça sebitleýin maslahat öz işine başlady

Noýabr 08, 2024 | 12:00 |8992
Çäre BMG-niň #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagynyň möhüm döwründe geçirilýär – bu onýyllyk maskatnama bolup, tutuş dünýäde raýatsyzlygy ýok etmäge hem-de oktýabr aýynda öz işine başlan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça täze Ählumumy bileleşigiň işine gönükdirilendir.Çäre BMG-niň #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagynyň möhüm döwründe geçirilýär – bu onýyllyk maskatnama bolup, tutuş dünýäde raýatsyzlygy ýok etmäge hem-de oktýabr aýynda öz işine başlan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça täze Ählumumy bileleşigiň işine gönükdirilendir.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 8-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ministrleriň derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady.

Çäre BMG-niň #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagynyň möhüm döwründe geçirilýär – bu onýyllyk maskatnama bolup, tutuş dünýäde raýatsyzlygy ýok etmäge hem-de oktýabr aýynda öz işine başlan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça täze Ählumumy bileleşigiň işine gönükdirilendir.

imgpsh_fullsize_anim (1).jfif

Foruma Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela, Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyrjysy Dmitriý Şlapaçenko, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we UNHCR-dan daşary ýurtly hünärmenleri gatnaşýar.

imgpsh_fullsize_anim (2).jfif

Sebitleýin maslahat raýatsyzlygy ýok etmek işi boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň #IBelong kampaniýasynyň çäklerinde öz borçlaryny doly ýerine ýetirip, ynsanperwer borçnamalaryna öz ygrarlylygyny tassyklandygyny bellemek zerur. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan 32 000-den gowrak adama, şol sanda bosgunlara ýa-da raýatlygy ýok adamlara raýtlyk berip, öz gazanan üstünligini güýçli syýasy tutanýerliligiň, kanun çykaryjy özgerişlikleriň, halkara hyzmatdaşlygyň we raýatlaryň identifikasiýa we hasaba alyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň utgaşdyrylmagy bilen düşündirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026