HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär

Noýabr 08, 2024 | 06:50 |9316
7-nji noýabrda, şişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy7-nji noýabrda, şişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

7-nji noýabrda, şişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky (UNHCR) uzak möhletleýin üstünlikli hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem raýatlygy ýok etmekde ýurduň möhüm üstünliklerini bellenip geçdildi. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky BMG-niň esasy hukuk resminamalarynyň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistan 32 müňden gowrak bosgun we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýatlyga kabul edip, raýatsyzlygy ýok etmekde nusga alarlyk netijeler gazandy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNHCR-iň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýyllyk iş meýilnamalarynyň çäginde bilelikdäki işleriň gelejegine aýratyn üns berildi.

08112024-UNHCR in Ashgabat (2).jpg

Bosgunlaryň toparynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşmaga çagyrmak babatyndaky Türkmenistanyň başlangyjy nygtaldy. Bosgun toparlarynyň türgenleşik we sport lagerleri üçin zerur şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýarlygy beýan edildi. Agzalanlar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “BMG-niň oýunlary” atly Kararnamanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen utgaşýar.

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Ählumumy bileleşige goşuljakdygynyň mälim edilendigi bellenildi. Bu waka raýatsyzlyk boýunça meseläni çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin möhüm ädim boldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar, sebitdäki we onuň çäginden daşardaky bosgunlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatynyň ähmiýetine ýokary baha berildi. Bu tejribe alyşmak we sebitdäki hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026