HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkıyänıñ syýahatçylyk pudagy 2024-njı ýylyň III-njı çärýegını rekord görkezıjıler bılen tamamlady

Noýabr 06, 2024 | 15:00 |12671
Türkiýe 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 49,2 million jahankeşdäni kabul etdi. Şunlukda,  syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi 46,9 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.Türkiýe 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 49,2 million jahankeşdäni kabul etdi. Şunlukda,  syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi 46,9 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.
Çeşme: orient.tm

Türkiýe 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 49,2 million jahankeşdäni kabul etdi. Şunlukda, syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi 46,9 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

AKM-Ataturk Cultural Center 1.jpg

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurda gelýän syýahatçylaryñ sanynyň ösüş depgini 9 göterime, girdejiniň ösüş depgini bolsa 7 göterime deň boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýylyñ başynda 60 million syýahatçy getirmegi özüne maksat edinen Türkiýe, şu ýylyň dokuz aýynda daşary ýurtly jahankeşdeleriñ sany boýunça rekord görkezijileri gazanmagy başardy.

İstanbul Burgazada 1.jpg

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda 9 aýyň jemleri jemlenildi. «Şu ýylyň dokuz aýynda Türkiýä gelen jahankeşdeleriñ sany 49,2 milliona ýetdi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 9 göterim ýokarlandy»-diýip, ýurduñ Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz çykyşynda belledi.

Antalya-Side Ancient City.jpg

Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky girdejisi 46,9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, ösüş depgini 7 göterime deň boldy. Jahankeşdeleriñ ortaça günlük harajaty bolsa 107 dollara ýetdi. «Dokuz aýyň netijeleri Türkiýe Respublikasynyň gazanan iň ýokary görkezijileri bolup durýar; şunlukda ýylyň ahyryna çenli ýurda 61 million syýahatçy getirmegi maksat edinýäris” diýip, ministr Ersoý aýtdy.

Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syyahatçylary bilen Stambul we Antalýa oňyn netijeler gazandy

Antalya-Kaputas Beach 2.JPG

Türkiýäniň iň uly megapolisi bolan Stambula 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 14 milliondan gowrak daşary ýurtly jahankeşde geldi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 7 göterime deň boldy. Munuň bilen baglylykda, Stambulyň Taryhy Ýarym adasy, Taksim, Karaköý etraplary, şeýle hem şäheriň Ýewropa we Aziýa taraplaryndaky Bosfor yaly iň uly syýahatçylyk ýerlerine Amerika, Ýewropa, Afrika, Awstraliýa we Aziýa yklymlaryndan 200-den gowrak ýurtdan syyahatçy kabul etdi. Garalýan döwürde 13,3 milliondan gowrak jahankeşde kabul eden “Türkiýäniň syýahatçylyk paýtagty” hökmünde tanalýan Antalýa bolsa, gündogar Ortaýer deňzindaki öňdebaryjylygyny elden bermeýär.

İstanbul Bosphorus and Bridge.jpg

Türkiýäniň iň uly bazarlary durnukly ösüş görkezdi

Russiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa syýahatçylyk pudagynda Türkiýäniň iň möhüm bazarlary bolup durýarlar. Agzalyp geçilen yurtlardan gelen daşary ýurtly syýahatçylar esasan Antalýa, Stambul, Izmir we Mugla şäherleri ýaly ýurduñ iň meşhur syýahatçylyk merkezlerinde dynç almagy makul bildiler. Üç çärýegiň netijeleri boýunça Russiýadan 5,5 milliondan gowrak syýahatçy, Germaniýadan 5,2 milliondan gowrak jahankeşde, şeýle hem Angliýadan takmynan 3,7 million syýahatçy dynç almak üçin Türkiýä geldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026